Arkadag şäherinde gurluşyk aýratynlyklaryna bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Arkadag şäherinde "Arkadag şäheri — Binagärligiň belent nusgasy" atly teleýaýlym gepleşiginiň ýazgysy geçirildi. Gepleşige Türkmen döwlet binagarlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Çyzuw we materiallaryň garşylygy" kafedrasynyň uly mugallymy, il ýaşulysy Amangeldi Orazow hem-de "Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi" kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Saparow gatnaşdylar. Çykyşlarda Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary, şähergurluşyk ýörelgeleri, innowasion inženerçilik çözgütleri we ekologik talaplara laýyklykda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Ýazgy Arkadag teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanyldy.