“ARKADAGLY SERDARYŇ DÜNÝÄ UZAN AK ÝOLY – HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY”

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 9-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlar hem-de professor-mugallymlar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirilen “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly –Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly teatrlaşdyrylan wagyz-nesihat dabarasyna gatnaşdylar.

Bu wagyz-nesihat dabarasynda ýurdumyzyň meşhur halypa artistlary özleriniň täsirli çykyşlaryny beýan etdiler. Talyp ýaşlarymyzyň teatr sungaty we artistlaryň döredijiligi bilen gyzyklanyp, özleriniň taýýarlan dürli sowallaryny halypalardan soradylar. Dabaranyň ahyrynda halypa artistlar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.