2025-nji ýyl - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň arasyna döwlet we halkara derejede köpdürli çäreler geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Turkmenistan is the Birthplace of Peace and Trust” atly temada iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meýletinçi talyplary bu bäsleşige işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan Şäher gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hudaýgulyýew Omar I orun, Binagärlik hünäriniň 1-nji ýyl talyby Kadyrow Ahat II orun, Şäher gurluşygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Çaryýew Yslam III orun, Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mirzoýew Kirill III orun eýeläp, Diplomlar bilen sylaglandylar.
Şeýle hem, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Love and Patriotism in the poetry of Seyitnazar Seydi” atly wideo rolik taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň Senagat we raýat jaý gurluşygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mirzoýew Kirill 3-nji orun eýeläp, III derejeli Diplom bilen sylaglandy.
Meýletinçi talyplara institutymyzyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy Allabaýewa Kümüş Batyrowna ýolbaşçylyk etdi.