TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYBY — MALIÝE HOWPSUZLYGY BOÝUNÇA VI HALKARA OLIMPIADANYŇ BAÝRAKLY ORNUNYŇ EÝESI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýalary we awtomatika fakultetiniň «Kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Begnazar Begnazarow Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda «Maglumat howpsuzlygy» ugry boýunça II orna mynasyp boldy.

Zehin bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan 3-nji oktýabryna çenli Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherindäki Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirildi. Ol 45 ýurtdan mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň 700-e golaýyny bir ýere jemläp, bilim alyşmak, hünär başarnyklaryny ösdürmek hem-de maliýe howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara meýdança öwrüldi.

Şu ýyl olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygyny üpjün etmekde emeli aňyň ulanylmagyna we onuň bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere bagyşlandy. Häzirki zaman sanly howplaryna, maglumatlary goramaga we maliýe kezzapçylygyna garşy göreşmäge aýratyn üns berildi. Sanly tehnologiýalaryň ösýän şertlerinde bu meseleleriň ähmiýeti barha artýar we olar dürli ugurlary öz içine alýan çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär.

Jemleýji tapgyrda Türkmenistana ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary wekilçilik etdiler. «Maglumat howpsuzlygy» ugry boýunça üstünlikli çykyş eden Begnazar Begnazarow bu netijä mynasyp goşant goşdy.

Jemleýji hepdäniň maksatnamasy bilim, hünär, medeniýet we sport ugurlary boýunça ýüzden gowrak çäräni öz içine aldy. Gatnaşyjylar üçin ussatlyk sapaklary, panel ara alyp maslahatlaşmalary, bilermenler we degişli ugurda işleýän guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy. Şeýle maksatnama ýaşlara maliýe howpsuzlygynyň häzirki zaman wezipeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge, hünärmenleriň amaly tejribesi bilen tanyşmaga hem-de dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen aragatnaşyk ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talybynyň gazanan üstünligi onuň taýýarlygynyň we hünär taýdan ösmäge bolan ymtylyşynyň möhüm netijesidir. Halkara zehin bäsleşiklerine gatnaşmak geljekki hünärmenlere bilimlerini çuňlaşdyrmaga, seljeriş pikirlenmesini kämilleşdirmäge we maglumat howpsuzlygy babatdaky derwaýys meseleleri çözmekde tejribe toplamaga ýardam berýär.

Begnazar Begnazarowy gazanan mynasyp baýrakly orny bilen gutlaýarys! Oňa okuwda, ylmy-barlag işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri we halkara derejede täze üstünlikleri arzuw edýäris!


TDBGI