Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany” atly okuw maslahaty geçirildi

         2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine, şeýle hem “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatyna meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen,  2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany” atly okuw maslahaty geçirildi.

         Bu okuw maslahatynda çykyş eden mugallymlardyr talyplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda halkara derejede geçirilýän dabaralardyr, çäreleriň tahyhy ähmiýeti, türkmen halkynyň bitaraplyk ýörelgeleri, ynsanperwer we hoşniýetli dostana gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Öňümizde duran halkara çärelerinde meýletinçileriň ýerine ýetirmeli wezipeleri barada hem jikme-jik beýan edildi. Bu çärä gatnaşjak meýletinçi talyplaryň çykyşlary hem örän täsirli boldy. Meýletinçiler ata Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny daşary ýurt dillerinde öwrenip, geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkezi