2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (UNESCO IITE) we Hytaýyň “Weidong Cloud Education Group” kompaniýasy tarapyndan guralan “Ösen emeli intellekt goşundylary arkaly bilimi Ýaşyllaşdyrmak: Maglumatlary durnukly herekete öwürmek” atly halkara onlaýn webinar geçirildi. Bu wajyp çäre “Informasiýa we Kommunikasiýa Tehnologiýalarda başarnyklary we innowasion pedagogika arkaly geljegiň mekdeplerini gurmak” atly bilelikdäki strategik taslamanyň çäginde möhüm ädim boldy.

Webinaryň esasy maksady – ýokary tehnologik düşünjeler bilen synp otagyndaky amaly sapaklaryň arasynda köpri gurmakdan hem-de mugallymlary durnukly ösüşi üpjün etmekde işjeň güýje öwürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ekologik meseleleri çözmekde ösen emeli intellekt (AI) tehnologiýalarynyň amaly ähmiýetini görkezmek we bu ugurdaky bilimleri okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

75 minut dowam eden bu onlaýn maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden ylmy barlagçylar, ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň wekilleri, okuw maksatnamalaryny düzüjiler, döwlet resmileri hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda mugallymlara we bilim işgärlerine emeli intellektiň daşky gurşawy goramakdaky mümkinçiliklerini düşündirmegiň iň amatly we gyzykly usullary görkezildi. Çärede şu aşakdaky esasy wezipelere üns çekildi:
Webinaryň çäginde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň, Gonkongyň Bilim uniwersitetiniň, Sankt-Peterburg we Malaýziýa ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň bilermenleri çykyş etdiler. Olar “Ýaşyl okuw maksatnamasy: Emeli intellekt bilen bagly mümkinçilikler” hem-de “Mugallymlary taýýarlamakda emeli intellekt sowatlylygy arkaly durnukly geljegi kemala getirmek” ýaly möhüm mowzuklarda özara tejribe alyşdylar.
Şeýle-de, geçirilen panel çekişmeleriniň dowamynda sanly gysga we anyk gurallary häzirki zaman bilim gurşawyna amaly taýdan ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we kynçylyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň daşky gurşawyň meselelerini çözýän anyk emeli intellekt goşundylaryny tanamak, synpda durmuşa geçirip boljak mini-taslamalary taýýarlamak hem-de mugallymlar üçin niýetlenen mugt platformalary we daşky gurşawa degişli açyk maglumatlar binazasyny (open datasets) nireden tapmalydygyny öwrenendikleri bellenildi.
Çäräniň ahyrynda Ähli gatnaşyjylara amaly taýdan ulanmaklary üçin ýörite serişdeler toplumy, şol sanda webinaryň wideoýazgysy, slaydlar, mugt gurallaryň sanawy we sapak meýilnamalarynyň taýýar şablonlary ugradyldy.
Bu halkara webinar, häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalarynyň diňe bir sanlylaşdyrmak maksatly däl, eýsem, geljek nesilleri ekologik taýdan sowatly, durnukly we jogapkärli edip terbiýelemekde iň uly gural bolup biljekdigini ýene bir gezek subut etdi.
Gülnar TEKAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni