Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň kämil bilim almagy, ylym dünýäsine ynamly ädimler bilen aralaşmagy we halkara derejesinde ýurdumyzyň adyny belentden dabaralandyrmagy ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň gazanýan her bir üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň aýdyň miwesidir. Ýurdumyzyň şeýle zehinli, maksadaokgunly ýaşlarynyň biri bolan Kadyrberdi Abdykerimowiç Artykow şanly üstünligiň eýesi bolup, Türkmenistanyň ylym-bilim abraýyny halkara jemgyýetçiliginde ýene-de bir gezek belende galdyrdy.
Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasynda geçirilen "GDA-nyň iň gowy talyby" atly abraýly halkara bäsleşigi jemlendi. Bu iri möçberli ylmy-döredijilik bäsleşigi Gazagystanyň "Parasat" milli bilim we innowasiýalar merkezi hem-de “Žaňa Gazagystan” respublika innowasiýa merkeziniň guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Abraýly halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen talyby Kadyrberdi Artykow özüniň ýokary bilimi, ylmy ukyby we işjeňligi bilen tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy hem-de iň ýokary derejeli baýraga — I derejeli Diploma mynasyp görüldi.
Mundan başga-da, Kadyrberdiniň GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy aýratyn bellenilip, ol “GDA-nyň iň gowy talyby” döş nyşany we ýörite şahadatnamasy (Udosewereniýe №075) bilen sylaglandy.
Ýeňijiniň baýraklary we halkara ykrarnamasy:
1) I derejeli Diplom — Halkara bäsleşigiň ýeňijisine;
2) “GDA-nyň iň gowy talyby” döş nyşany — Ýaşlar syýasatyna goşan goşandy üçin;
3) Ýörite Şahadatnama (№075) — Ýokary guramaçylar tarapyndan tassyklanan şahadatnama.
Talybymyzyň bu ajaýyp üstünligi diňe bir onuň däl, eýsem, oňa bilim we tälim beren halypa mugallymlarynyň hem ýokary zähmetiniň netijesidir. Guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy B.N.Sälimgereýew tarapyndan Kadyrberdi Artykowyň ylmy ýolbaşçysyna ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge goşan saldamly goşandy ugrugy we zähmeti üçin ýörite minnetdarlyk gowşuryldy.
Bu bolsa halkara jemgyýetçiliginiň türkmen mugallymçylyk mekdebine we ylmyna goýýan uly sarpasynyň subutnamasydyr. Şeýle guwandyryjy wakalar ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap ylym almagy, innowasion tehnologiýalary özleşdirmegi we dünýä derejesindäki bäsleşikleriň öňde durmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ýaşlarymyzy ylym-bilim we bagtly geljek bilen gurşaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Ýaşlarymyzyň ylym ýollaryndaky rowaçlyklary hemişe dowamat-dowam bolsun!


Tirkeş Jumadurdyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň dekanynyň w.ý.ý.
“Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy