Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk şanly toýunyň bellenjek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň tertibine laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda institutyň professor-mugallymlarynyň we işgärleriniň çagalarynyň arasynda türkmen we daşary ýurt dillerinde goşgylary labyzly okamak, aýdym aýtmak, türkmen milli tanslary ýerine ýetirmek boýunça gyzykly bäsleşikler geçirildi.

Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda sportuň ylgaw, pökgili päsgelçiliklerden geçmek, halkaly bökmek görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirip, çagalaryň buýsançlaryny göge göterdiler.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz topary tarapyndan ýurdumyzyň asudalygyny ündeýän birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň jemleri jemlenilip, erjellik görkezen çagalara institutyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.




Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy