2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 13-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Döwlet kanunymyz we milli tugumyz jebisligiň, rowaçlygyň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatyň başynda institutyň Ylmy işler boýunça prorektory Çarwaýew Döwletgeldi Atagurbanowiç çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli ösüşler, ylymda, bilimde amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada dabara gatnaşyjylara gürrüň berdi. Şeýle-de Konstitusiýa — Döwlet gurluşynyň we jemgyýetçilik ylalaşygynyň esasy bolup, Baýdak — Milli buýsanjyň we taryhy dowamatlylygyň nyşany hökmünde mizemez bu iki mukaddeslik baradaky gyzykly çykyşy maslahata gatnaşan professor-mugallymlarda we talyp ýaşlarada uly gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň dowamynda başga-da birnäçe çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar bu iki gymmatlyk Türkmenistanyň diňe bir öz içinde däl, eýsem tutuş dünýäde hem durnuklylygyň, dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň tarapdarydygyny bütin äleme äşgär eden türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.



Ylym böülüminiň esasy hünärmeni
Gülnar TEKÄÝEWA