Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Asla ýatdan çykmaz uruş ýyllary, nusgalykdyr pederleriň edermenlik ýollary» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat we sergi geçirildi.

Maslahatyň başynda bu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Babaýew çykyş edip, ol türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekleriň, öňi bilen bolsa ussat mugallym, ilhalar ynsan, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň görkezen gahrymançylyklary, uruş ýyllarynda agyr çagalyk döwrüni başdan geçiren Watanyň wepaly içerki gullugyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň watançylyga beslenen manyly durmuş ýoly barada nygtady.

Institutyň baýry mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Amangeldi Orazowyň, şeýle hem Raýat goranyşy fakultetiň mugallymlarynyň we harby talyplarynyň çykyşlarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda beýleki halklar bilen deň hatarda türkmen ýigitleriniň hem duşmany derbi-dagyn etmekde we ýeňiş gazanmakda aýratyn goşan goşantlaryny bellediler.

Fakultetiň harby talyplary bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna we ol ýerdäki «Watan mukaddesligi» muzeýine medeni gezelenç guraldy.


Harby talyplaryň döreden ylmy-taslama işleriniň sergisi bolsa çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Mahlasy bu dabara Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlik amala aşyrylýan harby özgertmeler, watan goragçylarynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olaryň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Bagtyýarlyk binasy» aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary ýaňlandy. Ylmy-amaly maslahat soňra bölümçelerde dowam etdi.

Uly leýtenant Mukam AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň,
Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy.