“Ahalteke bedewi — Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany” atly temada paýtagtymyzyň 116-njy orta mekdebiniň uçurymlary bilen TDBGI-niň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň JÖÝ kafedrasynyň uly mugallymlary Z.Orazowa we O.Berdiýewanyň gatnaşmagynda halypa-şägirt duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň — bedew ýylynyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden durlanyldy. Şeýle hem, halk wekillerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly” diýip yglan edilendigi bellenildi.
Bu ýylyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda örän uly, beýik işleriniň durmuşa geçirilýän ýyllarynyň biri boljakdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy derejede ysnyşykly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin umumy tagallalary birleşdirmek babatynda halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý boljakdygy barada buýsançly maglumatlar berildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň baş baýramy — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi aýratyn bellenildi.