2026-njy çylyň mart aýynyň 31-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň terbiýeçilik işleri boýunça dekanyň orynbasary Gurbannazar Bekdurdyýew, ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Resul Myradow, Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Altyýew Aganazar tarapyndan 3-nji umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň arasynda “Maşgala mukaddesligi we milli pähim-paýhas: Ýaşlaryň ruhy sagdynlygyny goramakda we suisidiň öňüni almakda jemgyýetçilik agzybirligiň orny” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Bu duşuşygyň maksady, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagyna hem-de ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmäge, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmaga, hukuk sowatlylygyny artdyrmaga, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Geçirilýän şeýle çäreleriň her biri, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda, oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.