"Daşary ýurt dili + Hünär = Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Üstünlik!"

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek we bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça goýan strategik wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäginde, şeýle hem Alym Arkadagymyzyň: “Biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýen sözlerinden ruhlanyp, biziň mugallymymyz ýurdumyzyň pedagogik ylmynyň ösüşine mynasyp goşant goşdy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň "Diller" kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewanyň makalasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan esaslandyrylan abraýly ylmy-usuly elektron žurnaly “Filologiýanyň meseleleri” atly neşirinde çap edildi.

Makalanyň ady: “Daşary ýurt dillerini hünär bilen baglanyşdyryp okatmagyň wajyplygy”

Resmi salgysy: https://datmddi.edu.tm/media/journals/Filologiya_jurnal_elektron.pdf

Žurnalyň sany: 4/2025

Gysgaça mazmuny (annotasiýanyň esasynda):
Giňelýän halkara hyzmatdaşlygy şertlerinde, ýaşlary daşary ýurt dillerine, esasanam iňlis diline öwretmek bilim ulgamynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Makala daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion we interaktiw usullaryny ulanmaga bagyşlanandyr.

Awtor interaktiw tehnologiýalaryň we multimediýa serişdeleriniň aşakdaky ýaly peýdalaryny görkezýär:

  1. Talyplaryň höwesini (motivasiýasyny) ýokarlandyrmak.
  2. Hünär ugruna gönükdirilen kommunikatiw endikleri kemala getirmek.

Makalada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna geljekki hünärleri bilen baglanyşykly iňlis dilini öwretmekde interaktiw tehnologiýalary utgaşdyrmagyň aýratynlyklary anyk mysallar arkaly seljerilýär.

Bu iş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary hünärli, bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamak üçin uly nazary we amaly ähmiýete eýedir!


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.