Binagärlik – döwrüň aýnasy: Geljegi taslamakda däplerden täzeçillige!

"Geljegi nazarlaýan inženerçilik pikiri"

Türkmenistanyň Gurluşygy we Binagärligi atly ylmy-jemgyýetçilik-syýasy žurnalynyň bu sanynda hünärmenleriň we giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekjek makala hödürlenýär. «Geljegi taslamak» atly wajyp ylmy makala institutyň mugallymlary Äşe Gubaýewa, Olga Ýowyýewa we Çynar Allaberdiýewa tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu iş Türkmenistanyň durnukly we innowasion şäher gurşawyny döretmäge bolan islegini görkezýän binagärlik taslamalarynyň we şähergurluşygynyň wajyp meselelerine bagyşlanandyr. Awtorlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şäherleriň we ilatly ýerleriň keşbini kemala getirýän esasy ugurlary we ýörelgeleri beýan edýärler. Bu makala öňdebaryjy pikirleriň we milli däpleriň ýurduň häzirki zaman gurluşyk toplumyna nähili birikdirilýändigini düşünmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmen hünärmen-binagärleriniň gülläp ösýän we sazlaşykly geljek üçin berk binýady nähili goýýandygyny görmek üçin sizi bu iş bilen jikme-jik tanyşmaga çagyrýarys!


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.