Aşgabat şäherinde “Italýan dili hepdeliginiň” geçirilmeginiň çäklerinde, şu ýylyň 16-njy oktýabrynda Italýan professory Françesko Jiommoni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy okuw sapagyny geçirdi.

“Italýan dili hepdeliginiň” ýurdumyzda italýan dilini we medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen başlangyç bolup, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky bilim ulgamly hyzmatdaşlygyň barha giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Muňa Italiýa Respublikasynda türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almaklary we ýurdumyzda bilim alýan talyplaryň gysga möhletleýin okuw sapaklaryna gidip gatnaşmaklary şaýatlyk edýär. Umumy sapakdan soňra talyplar özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.

Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar. Institutda ylym, bilim we önümçiligiň arabaglanyşygyny utgaşykly alyp barmak boýunça 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda IT ylmy-tehniki merkezi döredildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi guruldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleri hasaplanýan Wenesiýanyň Ka’Foskari uniwersiteti hem-de Milanyň Politehniki uniwersiteti bilen ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär.

Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy.