HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ TALYPLARYNYŇ “TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMLERI” KÄRHANASYNDA GÖÇME OKUW SAPAGY

2025-nji ýylyň  15-nji oktýabrynda  Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymy we “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda nazaryýetde alan bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda göçme okuw sapagy geçirildi. Bu göçme okuw sapagynda talyplar ilki bilen tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary we “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň ähli bölümleri bilen giňişleýin tanyşdylar. Şeýle-de “Aýnanyň we sitallaryň tehnologiýasy” dersi boýunça geçilýän temalary,önümçilik proseslerini ýerinde öwrendiler we çuňlaşdyrdylar.