2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Oguljan Aşyrowa, mugallym-öwrenijisi Süleýman Jumageldiýew Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebiniň arasynda hereket edýän halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň “2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna bagyşlanylan “Bitaraplyk syýasatynyň taryhy” ady bilen çykyşy guramaçylykly geçirdiler.
Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş etmek bilen öz tekliplerini öňe sürýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmekligi bu taryhy wakanyň şaýadydyr. Bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde öňe sürlen mazmunly teklipdir. 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan edilmegi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar diýip çykyşlarda bellendi.