Göçme tejribe okuw sapagy barada hasabat

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýan, 5000 orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme tejribe okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Okuw sapagy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy Meylis Nuryýew we uly mugallym Ýazjamal Hojadurdyýewa tarapyndan guramaçylykly geçirildi.


TDBGI


Sapagyň dowamynda talyplar meýdançada alnyp barylýan gurluşyk işleriniň tapgyrlary bilen tanyşdylar. Hususan-da, metal konstruksiýalaryň gurnalyşy, armaturlaryň berkidilişi, şeýle hem suwag işleriniň taýýarlanylyşy we ýerine ýetirilişi boýunça amaly görkezmeler berildi.


TDBGI


Talyplar diwarlaryň ýüzleriniň taýýarlanylyşyny, suwag ergininiň düzüm aýratynlyklaryny, onuň gatlaklaýyn çalnyş usullaryny hem-de suwagdan soňky at dakmak-bezeg işleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

Bu okuw sapagy talyplaryň nazary taýdan alýan bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmakda, olaryň gurluşyk işleriniň tehnologik tapgyrlary boýunça düşünjesini giňeltmekde we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.