Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde 2025-nji ýylyň 15-25-nji sentýabry aralygynda geçirilen “Sport we ýaşlar-sagdyn jemgyýetiň binýady” atly köpçülikleýin sport ýaryşlarynda Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň woleýbol boýunça ýygyndy topary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baýrakly II oruna, basketbol boýunça ýygyndy topary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baýrakly II oruna, futzal boýunça ýygyndy toparymyz IV orna, umumylykda bolsa ýokary okuw mekdepleriniň arasynda II orna mynasyp bolandygyny buýsanç bilen belläp geçmek gerekdir. Bu bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda ylym-bilim bilen bir hatarda sport ulgamyna hem ýokary sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Pursatdan peýdalanyp, talyplara döwrebap bilim almaga we sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanmaga döredip berýän mümkinçikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Türkmen döwlet Binagärlik-gurlyşyk
institutynyň sport klubynyň başlygy
M.Orazow