HIMIÝA TEHNOLOGIÝASY FAKULTETINIŇ TALYPLARYNYŇ ÇÜÝŞE GAPLARYNY ÖNDÜRÝÄN TÄZE ÖNÜMHANA GÖÇME OKUW SAPAGY

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümleri öndürýän önümhana açylyp ulanylmaga berildi. 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Aýnanyň we sitallaryň tehnologiýasy hünäriniň talyplary paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän türkmenaýnaönümleri kärhanasynyň ýanynda täze açylan çüýşe gaplaryny öndürýän täze önümhana göçme sapagyny geçdiler. Talyplar täze açylan senagat desganyň çüýşe gaplaryny  öndürlişiniň tehnologiýasy bilen tanyşdylar. Şeýle-de talyplar täze kärhananyň barlaghana enjamlarynda mugallymlaryň hem-de hünärmenleriň ýolbaşçylygynda çüýşe gaplary himiki, fiziki barlaglardan geçirdiler.