Inžener-mehanika fakultetiniň institutymyzyň täze binalar toplumyna gurnan göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-ine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň  “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymlary hem-de kafedrada taýýarlanylýan hünärleriň  talyplary “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Talyplar täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen içgin tanyşdylar. Ilkinji nobatda kärhananyň hünärmenleri gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Hünärmenler şeýle desgalaryň gurluşygynyň ilkinji ädimleri, gurluşyk meýdançasynyň häzirki döwründe haýsy işleriň alnyp barylýandygy we başga-da köp işler barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda beton guýulýan ýerlerde elektrik ulgamynyň topraklama işleriniň geçirilişi we düzgünleri, boýy ýeten binalarda bolsa ýagtylandyryş ulgamynyň, ýangyna howpsuzlyk boýunça ulgamlaryň ýerine ýetirilişi, desgalaryň içki elektrik üpjünçiligi, ýagny yşyklaryň ýerleşdirilişi, iýmitleýji nokatlarynyň ýerleşdirilişi ýaly işler ýerine ýetirilipdir. Talyplar göçme okuw sapagynda bu işler bilen giňişleýin tanyşdylar we ugurlaryna degişli bolan maglumatlary aldylar. “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyplar daşky gurşaw gurluşygy, iň täze gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak, gurluşyk materiallary, häzirki zaman gurluşykda akylly öý ýaly meseleler bilen hem içgin gyzyklandylar.