Her bir işde bize görelde bolýan mähriban Arkadagly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz-nesihatçysy hökmünde-de her birimize nusgadyr.
Hormatly Arkadagly Prezidentimiz ynsan saglygy, abadançylygy hakyndaky aladany Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Saglygyň esasy girewi hasaplanylýan bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, sportuň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi döwrümiziň bezegine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagy halkymyzyň saglygyny gorap saklamaga, aýratyn-da, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegine öz täsirini ýetirýär. Olimpiýa oýunlary sportuň, medenýetiň, halkara hyzmatdaşlygyň üsti bilen parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk taglymlaryny durmuşa geçirmegiň özboluşly ädimidir.
Sport bilen meşgullanýan adamyň bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukyby ýokary bolýar. Açyk howada gezmek, dürli maşklary ýerine ýetirmek, ylgamak, çalt ýöremek, suwda ýüzmek, at sporty bilen meşgullanmak ýaly sagdyn durmuş endikleri ynsany beden taýdan taplaýar. Halkymyzda ,,Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen ganatly jümle bar. Sagdyn bedenli adam ruhubelent bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ynsanyň döredijilik ukybyna hem oňyn täsiri bar.
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” taýýarlygyň ugrynyň 2-nji ýyl talyby Azimowa Oguldursun Myratjanowna şu ýylyň 10-njy sentýabrdan 16-njy sentýabr aralygynda Greziýa döwletiniň Afina şäheride sportuň Ju-jitsu görnüşi boýunça 28 sany döwletden türgenleriň gatnaşmagynda “Balkan open championship” ady bilen geçirilen ýaryşa gatnaşyp III orna (Bürünç medalyna) mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Şu pursatdan peýdalanyp Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň belentlikler ýetmegini, ähli taraplaýyn rowaç bolmagyny, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.