TALYP TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇIŞI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Burhanowa Selbi 2025-nji ýylyň 6-7-nji sentýabry aralygynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda zenanlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.

Talyp türgenlere halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly isleri elmydama rowaç alsyn.