SPORTDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIK

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11-14-i aralygynda Gresiýa respublikasynyň Afiny  şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen “Balkan Open Championship 2025” atly halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç baýrakly II orna mynasyp bolmagy başardy. 

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Rahmanow Parahat Döwranowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.