2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-7-i aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sportuň Dzýudo boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşa gatnaşan biziň baýry ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Karataýew Deňiz Joraýewiç baýrakly I orna we Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şanazarow Şahruz Şanazarowiç baýrakly I orna mynasyp bolmagy başardylar.
Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Karataýew Deňiz Joraýewiçe we Şanazarow Şahruz Şanazarowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.