Paýtagtymyzda, Binagärlik köçesindäki «Döwlet gurluşyk» Hojalyk Jemgyýetiniň gurluşyk meýdançasynda talyplar üçin göçme sapak geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Senagat we raýat jaý gurluşygy" kafedrasynyň mugallymlary Nuryýew Meylis hem-de  Mämmetgulyýew Toýlynyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda göçme okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynyň esasy maksady – gurluşykda giňden ulanylýan metal konstruksiýalaryň gurluş aýratynlyklary bilen, aýratyn-da fermalaryň gurluşy bilen şol hünäriniň 5-nji ‘B’ talyplary ýakyndan tanyşdyrmak boldy. Göçme okuw sapagy paýtagtymyzyň Binagärlik köçesiniň ugrunda, "Döwlet gurluşyk" hojalyk jemgyýetiniň gurluşygy gùýçli depginde alyp barýan 4000 orunlyk köpugurly medeni merkeziniň gurluşyk meýdançasynda geçdi. Okuw döwründe talyplar täze bina edilýän medeni merkezde ulanylýan gurluşyk çözgütlerini ýerinde synlap, okuw otaglarynda öwrenýän nazary bilimleriniň amalyýetde nähili durmuşa geçirilýändigini görmäge mümkinçilik aldylar. Bu bolsa olaryň gelejekdäki hünär taýarlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle okuw sapaklary ýaş gurluşykçy binagärleriň bilimlerini baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, olaryň döredijilik gözýetimini giňeldýär hem-de geljekde gurjak döwrebap desgalaryna güýç-kuwwat berýär.