Ýaşlaryň alkyşy — Watanyň şöhratyna

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» — ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynyň giň meýdançasynda taýýarlanan “Alkyşnama” atly wideo-mazmunda institutyň talyplarynyň ýürekden çykýan minnetdarlyk we alkyş sözleri beýan edilýär. Bu sözlerde Watanyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýolunda gazanan beýik üstünliklerine bolan buýsanç, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň giňden ykrar edilmegi, sebitde we bütin dünýäde durnuklylygyň hem-de abadançylygyň berkidilmegine goşýan uly goşandy öz beýanyny tapýar.

Talyplaryň çykyşlary ýaş nesilleriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öňdengörüjilikli syýasatyna bolan çäksiz ynamyny, ýurdumyzyň ösüşleriniň dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna bolan goldawyny görkezýär. “Alkyşnama” diňe minnetdarlygyň alamaty bolman, eýsem ýaşlaryň mukaddes borç hasaplap, ata Watanyň geljegine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny hem görkezýär.


TDBGI_RGF

TDBGI_RGF