Ýaşlaryň sesi — durnukly ösüşiň açary

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Forumyň ikinji sessiýasyna ýolbaşçylyk eden, Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby hem-de BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş Ilçisiniň biri bolan Islam Saryjaýew bilen geçirilen ýörite wideo-söhbetdeşlik ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýäniň möhüm meselelerine bolan öňdebaryjy garaýyşlaryny beýan edýär.

Bu söhbetdeşlik ýaşlaryň jemgyýetdäki ornunyň berkidilmegine, sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmegine hem-de durnukly ösüş ýolunda täze pikirleriň öňe sürülmegine hyzmat edýär.



Mähri Aşyrowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary” magistr ugrynyň magistranty