2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň EU-CADAP 7 programmasy tarapyndan geçirilýän “Saglyk we durnukly ösüş parahatçylygyň ýoly hökmünde” atly Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumy öz işine başlady. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu çäre ýaşlaryň saglyk, ekologiýa we parahatçylyk ýaly möhüm ugurlara işjeň gatnaşmagy üçin platforma bolup hyzmat edýär.
Forumyň 2-nji sessiýasy – “Eko-habarlylyk we saglyk: howa we sagdyn daşky gurşawa ýaşlaryň garaýşy” howanyň üýtgemegi, sagdyn daşky gurşaw we saglyk meselelerine ünsi jemledi. Sessiýanyň moderatory hökmünde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi Yslam Saryjaýew çykyş etdi. Yslam Saryjaýewiň moderatorlygynda geçirilen bu sessiýa ýaşlaryň ekologiýa baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýratmakda işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini görkezdi.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, ýaşlaryň durmuşda işjeň orun eýelemegini, olaryň sagdyn we sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ädimleri alyp barýar. Bu forum hem ýaşlaryň bilim, ylym we innowasiýalar arkaly Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmekde goşant goşmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumy ýaş nesliň ekologiýa, saglyk we parahatçylyk ýaly möhüm ugurlara içgin gatnaşmagynyň ähmiýetini görkezdi. Bu forum sebitiň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny berkider, eko-innowasiýalary we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýratmak arkaly Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň täze ýollaryny açar. Forum ýaşlaryň sebitiň geljegini has sagdyn we durnukly ýagdaýa getirmek ugrunda mümkinçiliklerini ýüze çykarar we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm platformasy bolar.
Tirkeş Jumadurdyýew
“Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň
uly mugallymy