MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AJAÝYP NUSGASY

Eziz Watanymyz Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: ýaşlar syýasaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Maslahata «Edebiýat we sungat» gazetiniň we «Türkmenistan - Sport» halkara žurnalynyň döredijilik işgärleri hem-de bu ýokary okuw mekdebiň serkerde-mugallymlarydyr harby talyplary gatnaşdylar. Wagyz nesihat çäresine gatnaşyjylar çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin nygtadylar.

Hususanda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan beýik maksatlary esasynda eziz Diýarymyzy gurşap alan beýik ösüşler, taryhy özgertmeler, il-ýurt bähbitli başlangyçlar Watan goragçylaryny belent maksatlara ruhlandyrýar diýip beýan etdiler.


TDBGI_RGF


Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigine taryh şaýatdyr. Mälim bolşy ýaly 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde çykyş edip, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridigini, häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini aýtdy.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öň ýany «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 19-njy sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem aýratyn mana eýe bolar. Çünki halkymyzyň taryhynyň doly we dogruçyl öwrenilýän häzirki döwründe geçiriljek Halk Maslahatynda jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, şeýle-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri dogrusynda halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alnyp maslahatlaşylar diýip çykyş edenler bellediler.


TDBGI_RGF


Mahlasy bu geçirilen wagyz-nesihat çäresi Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary we duşuşyklary giňden guramak barada beren tabşyryklarynyň hakykat ýüzünde amal edilýändiginiň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriniň, watan goragçylarynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olaryň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Bagtyýarlyk binasy» aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary ýaňlandy. 


TDBGI_RGF


Nurýagdy AKMÄMMEDOW, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň 
Raýat goranyşy fakultetiniň
dekanynyň orunbasary, polkownik.