Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2025-nji ýylyň 6-8-nji sentýabr aralygynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň, Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebinde sportuň Dzýudo boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat howpsuzlygy taýýarlygyň ugrunyň talyby Narymanowa Nasiba Narymanowna 70 kg agramda I oruna mynasyp boldy.
Talyp türgenlere halkara hem-de döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!