ÝLYM BAGTYŇ AÇARY

Halkara Parahatçylyk we Ynamlylyk ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi. Täze 2025–2026-njy okuw ýyly başlandy. Mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, professor-mugallymlara we ähli bilim işgärlerine iberen mähirli gutlagy hemme okuw jaýlarynda belentden ýaňlandy. Bu gutlag biziň her birimizi begendirdi, buýsandyrdy we täze döredijilikli zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň döwrebap çagalar baglary, ak mekdepler we täze bilim edaralary açylyp, ýaşlaryň hyzmatyna goýuldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bolsa bu babatda ýatdan çykmajak taryhy waka bolup geçdi — has takygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda taryhy çykyş bilen Halkara Senagatçylar we Telekeçiler Uniwersiteti açylyp, ulanylmaga berildi.

Bu ýokary mümkinçilikleri bolan okuw jaýy Mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döredilendir. 3000-e golaý talyba niýetlenen bu ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumy 9 gatly baş binadan, 6 gatly 4 sany okuw binasyndan, her biri 300 talyba niýetlenen 2 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr. Şeýle hem bu toplum ajaýyp kitaphana binasyny, naharhanany, mejlisler zaly we sport toplumyny öz içine alýar.

Şeýle ajaýyp açylyş dabarasyna gatnaşmak, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak we köp sanly myhmanlar bilen bilelikde bu waka şaýat bolmak biziň — ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary üçin uly buýsanç boldy. Şeýle hem bu dabaraly waka habar beriş serişdeleri, aýratyn-da "Altyn Asyr" teleýaýlymy arkaly tutuş halkymyza giňden wagyz edildi.


TM-GM


Biz geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan ösüşleri we döredilýän giň mümkinçilikleri uly buýsanç bilen wagyz ederis.