Talyplar täze binada bilimlerini artdyrýarlar

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Senagat we raýat jaý gurluşygy" kafedrasynyň uly mugallymlary Nuryýew Meylis we Hojadurdyýewa Ýazjamalyň ýolbaşçylygynda, şol hünäriň 5-nji “A”  ýyl talyplary bilen täze gurulýan Binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw binasyna mermer we aýna işleriniň alnyp barylyşyny öwrenmek maksady bilen göçme okuw sapagy guraldy.

Okuw wagtynda talyplar:

gurluşykda mermer serişdeleriniň ulanylyş aýratynlyklary, olaryň ýerleniş usullary;

dürli görnüşli aýnalaryň gurluşykda oturdylmagy we olaryň howpsuzlyk talaplary;

häzirki zaman binagärlikde ulanylýan täze gurluşyk tehnologiýalary bilen tanyşdylar.

Göçme okuwyň dowamynda mugallymlar iş ýerinde alnyp barylýan amaly tejribeleri jikme-jik düşündirdiler, talyplar bolsa berlen soraglaryna düşündiriş alyp, degişli ýazuwly bellikleri etdiler.

Şeýle çäreler ýaş hünärmenleriň nazaryýet bilen amalyýetiň arabaglanşygyny güýçlendirip, olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge uly goşant goşýar.