Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasaty esasynda ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap, döredijilikli bilim berlişi ösdürilýär. Şonuň aýdyň mysaly hökmünde “Umumy sungat taryhy” atly täze okuw kitaby jemgyýetiň estetiki ösüşine, döredijilikli pikirlenmäge gönükdirilen gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Kitapda sungatyň dürli görnüşleriniň taryhy ösüş ýoluna, olaryň estetik mazmunlaryna we şekillendiriş serişdelerine giňişleýin seredilýär. Ýurdumyzyň Milli Liderleriniň başlangyçlaryna daýanýan bu kitap, inženerçilikden binagärlige çenli giň ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Şu gezekki wideoşekilli syn bu ajaýyp neşiriň ähmiýetini giň jemgyýetçilige ýetirmek, sungat arkaly ösüş ýolumyzy şöhlelendirmek üçin taýýarlanyldy.
Neşir Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi tarapyndan taýýarlanyldy