“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de internet ulgamyny okuw maksatly ulanmak we kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.