Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy depginli ösdürilýär. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hünärlere eýe bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem bu ugurda öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň binagärlik we gurluşyk ulgamyny ösdürmäge ukyply, ýokary bilimli, döredijilikli ýaşlary taýýarlaýar. Institutda döredijilikli ýaşlaryň ylma, inženerçilige, dizaýna bolan höwesleri ösdürilýär.
"Bilimler we talyp ýaşlar güni" – ylma, bilime bolan hormatyň, ýaşlaryň döredijilik ukybynyň, ylmy-gözleg işleriniň we täzeçil pikirleriň baýramydyr.
Baýramçylyk mynasybetli institutyň baş binasynyň giň meýdançasynda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly ýagdaýda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna we bilim işgärlerine ugradan Gutlag Haty okaldy. Institutyň 1-nji ýyl talyp ýaşlarynyň ýürek buýsanjy diňlenildi.
Soňra bolsa 5-nji ýyl talyplarymyz 1-nji ýyl talyplara bilim nyşany bolan "Bilim açaryny" gowşuryp, ilkinji jaň kakyldy. Talyp ýaşlar okuw binalaryna girip, "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly ilkinji okuw sapagyny geçdiler.
Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna goşant goşjak, şäherimiziň keşbini öz zähmeti bilen bezejek geljekki binagärleriň, inženerleriň, dizaýnerleriň kalplary buýsanç duýgusy bilen doludy. Olar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary” magistr ugrynyň magistranty – Mähri Aşyrowa