2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyllyk «Binagärlik» hem-de 1-nji ýyllyk «Şäher gurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» hünärleriniň talyplary «Magtymguly Pyragynyň seýilgäh toplumyna» täsirli gezelenç gurnadylar.
Bu gezelenç ýaşlaryň täze okuw ýylyna ýokary ruhubelentlikde başlamagyna, şeýle hem olarda milli buýsanjy, watansöýüjiligi we döredijilik hyjuwyny güýçlendirmäge aýratyn ýardam berdi.
Seýilgäh toplumyna baryp görende, talyplar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý ruhy mirasy bilen ýakyndan tanyşdylar. Şahyrymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik baradaky çuňňur pikirleri ýaşlaryň kalbynda täze duýgulary oýardy. Şeýle hem talyplar toplumyň binagärlik-gurluşyk aýratynlyklaryna, onuň giňişleýin meýilleşdirilişine, bezeg çeperçilik aýratynlyklaryna hem üns bilen syn etdiler.
Binagärlik ugrunda bilim alýan ýaşlaryň şeýle täsin gurluşyk toplumlary bilen tanyşmagy olaryň hünär taýýarlygyny artdyrmaga, täze döredijilik ideýalarynyň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa geljekde ýurdumyzyň binagärlik-medeni ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlaryň döredijilik ýolunda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda şeýle mazmunly çäreleriň guralmagy, ilkinji nobatda, talyplaryň diňe bir bilim taýdan däl, eýsem, terbiýe we medeniýet taýdan hem kämilleşmegine ýardam berýär. Munuň özi ýaşlary döwrebap bilim bilen üpjün etmek, olaryň milli hem-de dünýä derejesindäki binagärlik ýörelgelerini özleşdirmeginde möhüm ädimleriň biri bolup durýar.