Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren "Arkadag Serdarly talyp ýaşlaryň ylym-bilim kuwwaty: ösüşiň hereketlendiriji gùýji" atly ylmy-amaly maslahatyny geçirdi, we "Bilimli nesil kuwwatly Watan" atly bòlùmçàni Binagärlik-gurluşyk fakulteti geçirdi.
Bu maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar we ýaş alymlar ýurdumyzdaky bilim ulgamynyň ösüşleri, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegi baradaky mowzuklara giňden seretdiler.
“Bilimli nesil – kuwwatly Watan” atly bölümçede bolsa binagärlik-gurluşyk fakultetiniň professor-mugallymlary hemde talyplary bilen bilelikde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ylmy-barlag işleriniň netijeleri, innowasion taslamalar we döredijilik başlangyçlary giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler aýratynlykda bilimli nesliň ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady, döredijiligiň we ylma höwesiň bolsa jemgyýetiň kuwwatly hereketlendiriji güýji bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Şeýle hem Watana wepaly, bilimli hem-de hünär taýdan taýýarlykly ýaşlaryň döwrümiziň baş ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýandyklary aýratyn bellenildi.
Maslahatyň dowamynda öňe sürlen pikirler ýaş nesliň döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigini, olaryň döwrebap bilim we başarnyklara daýanyp, ýurdumyzyň ösüş ýolunda möhüm orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Geçirilen ylmy-amaly maslahat we onuň çägindäki bölümçe diňe bir talyp ýaşlaryň ylmy barlaglaryna ruhlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olary Watana hyzmat etmäge, täze ösüşlere tarap ylhamlandyrmaga gönükdirilen möhüm çäre boldy.