Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Garaşsyzlygyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünlik gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanan ildeşlerimiz döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly dürli soraglardan ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde agzybirlik bilen watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçjekdigimizi aýtdy.
Şeýle-de “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylykly topary bilen bilelikde ýokary derejede alyp barmaly taýýarlyk işleriniň 10 ugruny kesgitläp berdi. Şulary giňden wagyz etmek bilen baglanşykly tegelek stol söhbetdeşlik guralyp “Altyn Asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen ýazgy edildi.