Binagärlik döredijiliginde bilim we ylym adamyň durmuş töweregini gurnamakda, ýurdumyzyň görküni şekillendirmekde, durnukly medeni we maddy miraslary düzmekde iň wajyp esasdyr. Ilatly ýer çäkleriniň özleşdirmegi we abadanlaşdyrylmagy - şähergurluşygyň möhüm meseleleriniň biri bolup, onuň çözümine dürli hünärmenler, şonuň ýaly-da şähergurluşykçy hünärmenleri gatnaşýarlar. Şähergurluşygy üçin saýlanylyp alynan ýa-da eýýäm bar bolan çäkleriň özleşdirmegi, estetiki hiliniň gowulandyrylmagy, bag-bakjalaşdyrylmagy, zyýanly täsirlerden goralmagy esasy talaplaryň biridir.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin “Binagärligiň, şähergurluşygyň taryhynyň we nazaryýetiniň häzirki zaman meseleleri” okuw kitaby (awtorlar: A.Orazgeldiýewa, A.Arazow – A.: “Ylym” neşirýaty, 2025) çapdan çykdy.
Okuw kitaby üç sany esasy bölümden ybarat bolup, binagärlik - şähergurluşyk taslamasynda gutarnykly durmuşa geçirme usullary we olaryň esasy şekillerini görkezmek, şeýle hem binagärligiň, şähergurluşygyň gelejekki ösmeginiň düýbini açyp, olaryň täze görnüşlerini aýdyň aňladyp we döredijiligiň öňdebaryjy maksatlaryna görä bolan görnüşleriniň, şekilleriniň, täze formalarynyň döredilip durmuşa geçirilmek bilen bagly meseleler barada beýan edilýär.
Kitabyň ýazylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, binagärligiň, şähergurluşygyň taryhynyň we nazaryýetiniň häzirki zaman meseleleri boýunça daşary ýurt alymlarynyň edebiýatlaryndan peýdalanyldy.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy