Türkmenistan: Parahatçylyk ugrunda bitaraplyk, geljek ugrunda bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we durnukly ösüş ýörelgelerini wagyz etmek uguryndaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda ýokary halkara derejesinde birnäçe giň gerimli çäreler üstünlikli geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda we Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça halkara maslahaty geçirildi, bu çäreler parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Duşuşyklaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi, durnukly ösüş maksatlary, şeýle hem bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu çäreleriň ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmekde, ýaşlaryň ruhy we intellektual ösüşine itergi bermekde aýratyn ähmiýetini buýsanç bilen belleýär.


 

 

AWAZA - 2025