Bilim ýolundaky ilkinji üstünliklerimiň özeni — Watanymyzyň döredýän mümkinçilikleridir.

Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen birlikde bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi we arzuwlaryny durmuşa geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Men, Aýjeren Jumaýewa, döredilen mümkinçiliklerden ruhlanyp, mekdep ýyllarymdan bäri ýokary bilim almagy öz öňümde maksat edinýärdim. Okuw döwrümde dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ylyma bolan höwesimi artdyrdym. «Bilim ýolunda ilkinji üstünliklerimiň özeni — döwletimiziň döredýän mümkinçilikleri» diýen sözler meniň durmuşymda hakykata öwrüldi.

Şu bagtly döwürde — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna okuwa girmegim meniň üçin iň uly bagt we arzuwlarymyň hasyl bolmagydyr.

Geljekde Watanyma, halkyma peýdaly, ýokary bilimli, ukyply hünärmen bolup ýetişmek, ýurdumyz üçin paýhasym we yhlasym bilen hyzmat etmek meniň baş maksadymdyr.

Meniň ýaly müňlerçe ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýaryn. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!



Aýjeren Jumaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby