Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Men, Kerimowa Selbinýaz, bu mümkinçiliklerden ruhlanyp, mekdep ýyllarymdan başlap ýokary okuw mekdebinde okamagy arzuw edýärdim. Okuw ýyllarynda bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, öz ukybymy yzygiderli ösdürdim. «Bilim ýolunda ilkinji üstünliklerimiň özeni — döwletimiziň döredýän mümkinçilikleri» diýen pikir meniň durmuşymda hakykata öwrüldi.
Beýik maksatlary ýürekden arzuw edýän ýaşlaryň biri hökmünde, şu günki bagtly zamanada — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby adyna mynasyp bolmagym meniň üçin iň uly bagtdyr.
Geljekde saýlap alan hünärim boýunça Watanymyzyň gülläp ösüşine öz goşandymy goşjak, ýurdumyz üçin ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmen bolup ýetişmek meniň esasy maksadymdyr.
Meniň ýaly müňlerçe ýaşlara bilim ýolunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden alkyş aýdýaryn. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Kerimowa Selbinýaz,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby