WATANYŇ WEPALY OGLUNY ÝATLAP

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde manyly ömrüni öz halkynyň ykbalyna bagyş eden Beýik ynsany, Watanyň merdana we wepaly ogly, halkymyzyň eşretli, asuda, ruhubelent ýaşaýşyny dowamata öwren Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.


TDBGI_RGF


Maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary polkownik Nurýagdy Akmämmedow çykyş etdi. Hakykatda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp geçirilen maslahat – ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýýän, ähtine wepaly, şir ýürekli nesilleri kemala getirmekde peder terbiýesini ýokarlandyryp, ata-ene perzent gatnaşyklaryndaky mähribanlygy çuňlaşdyrdy. 
Maslahatda edilen çykyşlarda ykbalyny Watanyň ykbalyna berk baglap, bütin ömrüni, ähli gujur-gaýratyny geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyna bagyşlan Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz, tutanýerli zähmet çekip, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde hem-de ýurt asudalygyny üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary barada nygtaldy. Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Watanyň wepaly ogly Mälikguly aganyň manyly durmuş we ömür ýoly barada gürrüň berýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.


TDBGI_RGF


Belent adamkärçiligi we yhlasly gullugy bilen halkymyza, aýratyn-da biz – merdana Watan goragçylaryna görelde bolandygy, eziz Watanymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezendigi barada gymmatlyklar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň edebi-çeper çykyşlary hem-de şirin aýdymlary ýaňlandy.


TDBGI_RGF


Goý, Watany söýmegiň, ony mukaddeslik derejesine götermegiň hem-de peder mertebesini hormatlamagyň belent nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!
 

Mukam AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant.