Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde Türkmenistan ýurdumyz halkara giňişlikde durnukly ösüşe we ekologiýa taýdan jogapkär syýasata ygrarly ýurt hökmünde tanalýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdumyzyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 3-nji maslahatyny görkezmek bolar. Şular babatynda şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary Arkadag şäherinde Arkadag teleýaýlymynda tegelek stoly gurnaldy.
Mugallymlar bu halkara derejeli maslahatyň ähmiýeti, ýagny ykdysady taýdan ösüp barýan hem-de deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň öňünde durýan kynçylyklary çözmäge gönükdirilip, olaryň dünýä ykdysadyýeti bilen baglanyşygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygy barada gürrüň berdiler. Bu halkara maslahatda ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek, sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bir hatarda, ekologik durnuklylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilendigi barada hem söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi.
Çykyşlarda ýaşyl energetika, arassa tehnologiýalar, suw we energiýa serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, şeýle hem, howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmegiň usullary barada ara alnyp maslahatlaşylanlygyny beýan etdiler. Ýurdumyzyň ekologik taýdan arassa we innowasion ösüş ýörelgelerine laýyklykda bina edilen ilkinji "akylly şäheri" bolup durýan Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrman, eýsem daşky gurşawa hormat goýýan, durnukly ösüşi goldaýan täze şäher medeniýetiniň hem binýadyny düzýär. Bu bolsa, maslahatyň ekologik ruhuna doly laýyk gelýär diýip, mugallymlar nygtap geçdiler.
Çykyşylaryň ahyrynda şeýle möhüm forumyň ýurdumyzyň çäklerinde geçirilmeginiň hem-de Arkadag şäheriniň bu ugurda nusgalyk şäher hökmünde görkezilmegi türkmen halky üçin buýsançly waka bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.