Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary halkara forumda işjeň gatnaşýarlar
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji ýokary derejeli maslahatda (LLDC3) ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri hem giňden gatnaşýarlar.
Şu taryhy ähmiýeti uly bolan halkara forumda beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bir hatarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem dürli ugurlar boýunça işjeň gatnaşýarlar. Olar halkara derejeli maslahatlaryň, tematik forumlaryň we gepleşikleriň işine gatnaşyp, Türkmenistanyň binagärlik-gurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, durnukly ösüşe goşýan goşantlary we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş edýärler.
Institutymyzyň mugallymlarynyň halkara duşuşyklardaky çykyşlarynda ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň ösüşleri, döwrebap bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy, şeýle hem talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler aýratyn nygtalýar.
Bu forumda çykyş eden mugallymlar halkara bilim giňişliginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny giňden beýan etmek bilen birlikde, ýaş nesliň dünýä tejribesi bilen tanyşmagynda şeýle çärelere gatnaşmagyň örän ähmiýetlidigini aýratyn bellediler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň bu halkara forumdaky çykyşlary ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.