Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Häzirki wagtda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) ýokary derejede dowam edýär. Bu maslahata beýleki ýokary okuw mekdepler bilen birlikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan hem meýletinçi talyp ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Olar dürli ugurlarda özlerine bellenen wezipeler boýunça daşary ýurtly myhmanlara hyzmat edýärler. Bu maslahatyň çäginde geçirilýän forumlaryň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meýletinçi talyplary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde bu maslahatyň taryhy ähmiýeti barada we öz işleýän ugurlary barada çykyş edýärler.