TALYP BOLMAK BUÝSANJY

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Meniň kiçilikden iň uly arzuwym gurluşykçy inžener bolmakdy. Şu arzuwym meni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gapysyndan getirdi. Bu gün maňa bu ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň begenjimiň çägi ýok. Men Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde ýaşaýaryn we täze döredilen şäheriň günsaýyn ösüşine şaýat bolýaryn. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, öz ugrum boýunça döwrebap hünärmen bolup, ýurdumyzy hasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Men mekdepde okan döwrümde 2024-2025-nji okuw ýylynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ekologiýa abadançylygy – ýagty geljege binýat” atly ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen taslama bäsleşiginde I orna, 2024-2025-nji okuw ýylynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly zehin-intelektual telebäsleşige gatnaşyp I orna, 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň gurnamagynda “Ýaş innowatorlar” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginde himiýa ekologiýa ugry boýunça III orna, 2024-2025-nji okuw ýylynda  S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň geçirmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda  “Ekologiýa dersinden III internet olimpiadasy” bäsleşiginde II orna mynasyp boldum. 

Biz — ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-ylym öwrenip, kämil ynsan bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Batyrow Pälwan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby