“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Munuň özi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalaryň, bagtyýar ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň hemmesi ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly güýç-kuwwat berýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda synaglardan bäsleşik esasynda üstünlikli geçip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Ýaşlykda eden arzuwlarym hasyl boldy. Men öz saýlap alan hünärimiň eýesi bolmak üçin ähli başarnygymy gaýgyrmaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin.
Biz — ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Begenjow Akmyrat, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby