Merkezi Aziýanyň bäş döwleti üçin senagat sebitleriniň gurluşygy we dolandyrylyşy boýunça seminaryň geçirilmegi hakynda

TEDA tarapyndan gurnalan seminaryň çäklerinde Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Jepbarow Şirmurata Týanszin we Şençzhen şäherlerindäki erkin ykdysady sebitlere baryp görmek arkaly baý we mazmunly maksatnama gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Bu şäherler Hytaýyň ykdysady ösüşiniň iň möhüm nokatlaryna öwrülip, soňky onýyllyklarda ýurduň geçiren çuňňur özgertmeleriniň aýdyň mysaly bolup çykyş edýär.

Iň täsirli pursatlaryň biri — Hytaýyň dolandyrylýan we tapgyrlaýyn usulda merkezi meýilnama ykdysadyýetinden bazar mehanizmlerine esaslanýan döwrebap ykdysady modeline geçmekde hut erkin ykdysady sebitleriň esas rol oýnamagydyr. Bu sebitlerde bäsdeşlige, telekeçilige we daşarky dünýä üçin açyklyga esaslanýan dolandyryş görnüşleri synagdan geçirilip, soňra tutuş ýurduň çäginde giňden ornaşdyryldy.

Hytaý adam maýasynyň ösüşinde täsirli strategiýany görkezip bildi: köp sanly ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan başlap, ýokary tehnologiýaly ugurlarda hünärmenleri saklamak we özüne çekmek üçin zerur şertleri döretmek bilen. Bu ýerde zähmet diňe bir resurs hökmünde däl-de, eýsem innowasion ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde görülýär.

Wizitleriň dowamynda infrastruktura aýratyn ähmiýet berildi. Güýçli ulag merkezleri, döwrebap logistika merkezleri, ösdürilen port ulgamy we sanly infrastruktura – bularyň hemmesi senagat we maýa goýum ösüşi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Týanszindäki TEDA we Şençzhen şäherindäki tejribeler, işewür gurşawy döretmekde düýpli logistikanyň nähili möhüm rol oýnaýandygyny aýdyň görkezdi.

Erkin ykdysady sebitler döwlet maýa goýumlarynyň göni daşary ýurt maýa goýumlary bilen üstünlikli utgaşmagynyň nusgasyny görkezýär. Döwlet infrastruktura, salgyt ýeňillikleri we dolandyryş goldawy boýunça esasy rol alýar, daşary ýurt kompaniýalary bolsa giň bazara, durnukly ulgama we ýokary netijeli önümçilik gurşawyna girip bilýärler.

Şençzhen we beýleki sebitlerde ýokary tehnologiýaly pudaklara — elektronika, robototehnika, biotehnologiýa we IT ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Uniwersitetler, ylmy-barlag merkezleri we senagat kärhanalary bilen berk baglanyşykly ylmy önümçilik klasterleri döredildi. Bu önümçilikler ykdysady ösüşiň täze hiliniň esasyna öwrüldi.

Hytaý hökümeti ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşe barha köp üns berýär. Senagat sebitleriniň ekologiýa taýdan jogapkärli taslamalarynyň, ýaşyl tehnologiýalaryň we zyňyndylary gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylyşy görkezildi. Senagat ösüşi daşky gurşawy goramak bilen sazlaşykda alnyp barylýar.

Binagärlik we şähergurluşyk taýdan ýerleriň düzgünleşdirilişi aýratyn täsir galdyrdy. Zolaklaýyn meýilleşdiriş, ulag elýeterliligi, şäher gurşawynyň amatlylygy we binagärlik taýdan özboluşlylyk göz öňünde tutulyp taslamalar durmuşa geçirilipdir. Öndürijilik, ýaşaýyş we işewürlik çäkleriniň bitewi şäher giňişligine birleşdirilmegi aýratyn bellärliklidir.

Umuman, erkin ykdysady sebitler Hytaýyň senagatlaşmagynda esasy roly oýnady. Hut şu ösüş nokatlarynyň döredilmegi bilen, Hytaý senagatyny çalt ösdürip, transmilli korporasiýalary özüne çekmegi, täze tehnologiýalary özleşdirmegi we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagy başardy. Bu — zonalaşdyrma, höweslendirme we açyklyk arkaly tutuş sebitleri we pudaklary özgertmegiň üstünlikli nusgasydyr.

Seminary gurnaýanlara, TEDA-nyň toparyna seminaryň ýokary derejede gurnalanlygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris, şeýle hem şeýle täsirli ykdysady ösüş modelini içgin öwrenmek mümkinçiligini döredendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris. Alnan tejribe ykdysadyýet, bilim, binagärlik we şähergurluşyk ugurlarynda öz strategiýalarymyzy seljermek we döretmek üçin gymmatly bilim çeşmesi bolar diýip ynanýarys.

Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!!